Türkiýeli kanunçykaryjylar sanly awtorlyk hukugy barada kanun taslamasyny taýýarladylar. Ol Türkiýäniň çäginde döredilen onlaýn-habarlaryň peýdalanylmagy üçin tölemäge borçly edýär. Bu barada sanly habar beriş serişdeleri komissiýasynyň başlygy Huseýn Ýaýman habar berdi diýip, «Hurriyet» gazeti ýazdy.
Kanun taslamasy 2025-nji ýyl üçin býujet kabul edilenden soňra deputatlaryň tassyklamagyna iberiler. Başlangyç «Google» kompaniýasy bilen uzak wagt bäri dowam edip gelýän jedellerden soňra döredi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary «Google» platformasyny gözleg netijesinde peýda bolýan täzelikler üçin göterim tölemäge mejbur etdiler.
Türkiýede degişli kanunçylygyň ýokdugy sebäpli, täzelik neşirleri hiç hili tölegsiz galýarlar. «Google» kompaniýasynyň wekilleri türk häkimiýetleri bilen gepleşiklere taýýardyklaryny aýtdylar.
Ýeri gelende aýtsak, ady agzalan gözleg meýdançasy tutuş dünýäde täzelikler kontentini ýaýradýandygy üçin milliardlarça dollar girdeji gazanýar. Ol golaýda Ýewropadaky 300 sany media-guramalara göterim tölemek barada çözgüt kabul etdi. Ýewropa Bileleşigi awtorlyk hukugy barada kanun kabul edip, «Googleni» mugt habarlar üçin lomaý girdejiden mahrum etdi diýip, «rg.ru» ýazýar.