U-20 Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklarynyň geçiriljek wagty belli boldy

14:0126.02.2022
0
4638

20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama duşuşyklary şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriler. Bu barada AFK-nyň resmi saýtynda paýlaşylan 2022-nji ýyldaky halkara ýaryşlaryň senenamasynda görkezilýär.

Saýlama duşuşyklar 10 ― 18-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Onda yklym çempionatyna gatnaşjak iň gowy ýaşlar ýygyndylary saýlanyp alnar.

20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda Özbegistanda geçiriler. Bu ýaryş ýene-de geljek ýylda Indoneziýada geçiriljek dünýä çempionatyna biziň yklymymyzdan iň mynasyp wekilleri saýlap almakda uly ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň