Bahreýniň ýygyndysy mart aýynda iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

23:5824.02.2022
0
3462

Mart aýynda bahreýniň futbol boýunça milli ýygyndysy Hindistanyň we Belarusyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Bu barada Hindustan Times neşiri habar berdi.

Has takygy, Hindistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk 23-nji mart güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de, Belarusyň ýygyndysy bilen duşuşyk bolsa 29-njy martda, ýen şol wagtda başlanar. Iki duşuşyk hem Er-Rifa-eş-Şarki şäherindäki Bahreýniň milli stadionynda geçiriler.

Häzir FIFA-nyň reýtinginde Bahreýn 89-njy, Belarus 94-nji, Hindistan bolsa 104-nji orny eýeleýär.

Bahreýniň ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen «E» toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys. Toparçadaky Türkmenistan ― Bahreýn duşuşygy 14-nji iýunda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň