Soňky habarlar

Arhiw

Nemes professorynyň Mary welaýatyna sapary

15:3920.02.2015
0
3471

Aşgabat, 20.02.2015. “Türkmenportal”.

Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimiliany uniwersitetiniň kardohirurgiýa professory Kalin Wikol bir günlük sapar bilen Mary welaýatynda boldy. Nemes professorynyň sapar mahalynda belleýşi ýaly, ol örän hormatly we jogapkärli wezipäni — Kardiologiýa kliniki merkezinde bolan kärdeşleri bilen ýürek-damar kesellerini bejermegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak hem ösdürmek wezipesini ýerine ýetirdi.

Kalin Wikolanyň Mary welaýatyna sapary mahalynda “Dermanhana” welaýat dolandyryş müdirliginde häzirki zaman hirurgiýa terapiýasynyň meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň netijelerinde Mary welaýatynyň lukmançylyk işgärlerine saýlanyp alnan mowzukda gymmatly tejribe boljakdygynyň ujy iki däldir.

“Нейтральный Туркменистан” gazetiniň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň