Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady

11:3023.02.2022
0
4297

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyhezretiniň doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigi bolsa netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmaga taýýardygyna ynandyrdy. Şol gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň