Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen paralimpiýaçylar Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlaryna resmi çakylyk aldylar

12:5621.02.2022
0
12129
Türkmen paralimpiýaçylar Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlaryna resmi çakylyk aldylar
Surat: НПК Туркменистана

Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetine maýyplaryň arasyndaky yklym çempionatyna gatnaşmak üçin resmi çakylyk iberdi.

Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň baş sekretary Ýusup Jafarow bu barada «Türkmenportala» habar berdi.

Oýunlar 2022-nji ýylyň 9 — 15-nji oktýabry aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler. Bäsleşige Aziýanyň 45 ýurdundan türgenler gatnaşar, oýunlaryň maksatnamasy 22 sport görnüşini öz içine alar.

Türkmenistanly paralimpiýaçylar iki ugurda: para agyr atletika (pauerlifting) we para ýeňil atletika boýunça çykyş ederler.

Para agyr atletika (pauerlifting) boýunça halkara derejeli sport ussatlary Maýagözel Ekeýewa we Sergeý Meladze öňem abraýly halkara ýaryşlarynda ýeňiji we baýrakly orunlara eýe bolupdylar (Aziýa Para oýunlary Guançou 2010, Inçhon 2014, Jakarta 2018, Dünýä çempionatlary we Aziýa çempionatlary).

Hançžou-2022 Aziýa Para oýunlarynyň olimpiýa nyşany FeiFei rowaýata görä, bagt getirýän hytaý guşudyr. Bu nyşan ýaryşyň guramaçylary tarapyndan resmi çakylygyň ýany bilen Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetine iberildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň