Arhiw

Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynda görkeziler

11:5721.02.2022
0
8975

Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ykbal kesgitleýji duşuşygy 27-nji fewral güni «Uembli» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:25-de başlanar.

«Liwerpul» bilen «Çelsiniň» arasynda geçiriljek bu duşuşygyň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziljekdigini TFF resmi saýtynda habar berdi.

Finala barýan ýolda Ýurgen Kloppuň şägirtleri «Norwiç Sitiden» 3:0, «Preston Nort Endden» 2:0 hasabynda rüstem geldiler. Çärýek finalda «Sanderlendi» 5:1, ýarym finalda «Arsenaly» 2:0 hasabynda ýeňen «Liwerpul» indi finalda «Çelsiniň» garşydaşy bolar.

Tomas Tuheliň şägirtleri bolsa «Aston Willa», «Sautgempton», «Brentford» we «Tottenhem» toparlaryny birme-bir geçip, finala çenli geldi.

Final duşuşygynyň ýeňijisi eger çempionatda Çempionlar ligasyna we Ýewropa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedik bolsa, geljek möwsümde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyna gatnaşmak hukugynuň eýesi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň