Arhiw

Astrahan bilen suw baýlyklaryny köpeltmek ugrundaky hyzmatdaşlyk artdyrylýar

11:3119.02.2022
0
8126

18-nji fewralda geçirilen wideomaslahatda Türkmenistan bilen Astrahan sebitiniň arasynda suw biologik baýlyklaryny köpeltmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahandaky türkmen konsullygynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çärä «Hazar balyk» we «Elin balyk» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Bu onlaýn duşuşykda astrahan tarapy türkmen kärdeşlerine bekre balyklary ösdürip ýetişdirmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy teklip edip, Astrahanda türkmen wekiliýetini kabul etmäge we tejribe alyşmaga taýýardyklaryny belledi.

Astrahan sebiti, suw hojalygy boýunça Russiýada öňdebaryjylaryň biridir. 2021-nji ýylda sebitde 19 müň tonna howuz balygy, 1,7 müň tonna bekre balygy ösdürilip ýetişdirildi we olardan 21 tonna gara ikra alyndy.

Türkmen balykçylyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň suw biologik baýlyklaryny emeli köpeltmek pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Astrahan sebitine baryp görmek meýilnamalaryny yglan edendigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň