Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hasabatda beýan edilişi ýaly, şu ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-senagat edarasynda «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahaty we sergini geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu halkara foruma Türkmenistanyň döredijilik işgärleri bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň hem meşhur suratkeşleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde başga-da dürli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda mährem enelere we gelin-gyzlara tüýs ýürekden hormatyň nyşanyna öwrülen ajaýyp bahar baýramynyň ähmiýetini nygtady.