Soňky habarlar

Arhiw

«Aždarhanyň öýi» atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy

15:0218.02.2022
0
5396
«Aždarhanyň öýi» atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy
Surat: www.film.ru

«Tagt oýunlary» atly meşhur filmdäki çaknyşyklardan öň bolup geçen wakalary öz içine alýan «Aždarhanyň öýi» atly täze köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy. HBO we HBO MAX kontentleriniň başlygy Keýsi Bloýsyň aýtmagyna görä, indi ýaýlym ýolbaşçylaryna diňe onuň ilkinji görkezilişiniň senesini kesgitlemek galdy.

«Aždarhanyň öýi» filmi Jorj R.R. Martiniň «Ot we gan» romanyna esaslanýar, bu romanda «Tagt oýunlaryndan» 300 ýyl öň bolup geçen wakalar hakynda gürrüň berilýär. Täze ýerleri basyp almak üçin Waleriýany terk eden Targariýen maşgalasy filmiň üns merkezinde bolýar.

Film.ru saýtynyň habar bermegine görä, bu filmde Emma D’Arsi, Mett Smit, Stiw Tussen, Oliwiýa Kuk we beýlekiler surada düşdüler. Raýan Kondal we Migel Sapoçnik bolsa filmiň sýužetini kesgitleýji prodýuserleriň wezipelerini ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň