Arhiw

Türkmenistan hususyýetçiligi goldamagy dowam etdirer

18:3812.02.2022
0
9634

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreler dowam etdiriler. Bu barada Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Kesgitlenen wezipeleriň hatarynda ,illi ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam bermek we hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberlerini artdyrmak bar.

Şeýle hem milletiň Lideri aşakdaky wezipeleri kesgitledi:

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, söwda we telekeçilik ugurlaryna degişli pudaklarda sanly ulgamy toplumlaýyn ornaşdyrmagy dowam etmeli.

Innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, şol sanda elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, köpdürlüligini gazanmaly.

Ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, sebitlerde we Aşgabat şäherinde ýerleşen bazarlary, söwda merkezlerini we dükanlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, meýilnamalaýyn tertipde döwrebaplaşdyrmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň