12-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, saparyň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi.
Taraplar türkmen-gazagystan özara hereketleriniň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol sanda iki ýurduň ähmiýetli mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy arkaly ulag-üstaşyr geçirimleri, söwda-ykdysady düzümleri, oba hojalygy hem-de daşky gurşawyň goragy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatynda hem pikirler alyşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda şonuň ýaly-da Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet we hususy pudaklarynyň işjeň çekilmegi bilen, ýangyç-energetika, senagat ulgamlaryndaky özara hereketleriň ösdürilmegine, hususan-da halkara we sebitleýin awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Bu ugurlar boýunça gepleşikler R.Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda hem dowam edildi.
Duşuşyklaryň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň geljegi uly bolan ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň has hem giňeldilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.