Soňky habarlar

Arhiw

5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler

00:1111.02.2022
0
5573

Mart aýynda Gazagystanda täze futbol möwsümine badalga berler. 5-nji martda ýurduň milli çempionaty başlanar diýip, Sports.ru ýazýar.

Möwsüm 1-nji mart güni ýurduň çempiony «Tobol» bilen Futbol kubogynyň eýesi «Kaýratyň» arasynda boljak Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlar. Diýmek, türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew üçin möwsüm baharyň ilkinji gününde başlaýar.

Gazagystanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşşuyklary 5-nji we 6-njy martda oýnalar. 26 tapgyrdan ybarat boljak çempionaty 6-njy noýabrda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Gazagystanyň kubogy ugrundaky ýaryşa bolsa 8-nji iýulda badalga berler.

Goňşy döwletdäki futbol möwsüminiň doly senenamasy bilen şu salgydan tanyş bolup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň