Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi

17:4609.02.2022
0
7633

«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti türk kärdeşine we onuň maşgalasyna koronawirus ýokanjyndan tiz sagalmak baradaky duýgudaşlyk sözlerini beýan edipdi. Telefon söhbetdeşliginden soňra Türkiýäniň Prezidenti öz şahsy Twitter hasabynda türkmen kärdeşiniň telefon arkaly saglygyny sorap jaň edendigini we iň gowy arzuwlaryny beýan edendigini habar berip, şeýle ýazdy:

— Gadyrly dostum Berdimuhamedowa tiz sagalmak baradaky arzuwlary üçin minnetdarlygymy bildirýärin we türkmenistanly ähli doganlaryma mähirli salamlarymy ýollaýaryn. (@RTErdogan)

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň