Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar

18:0707.02.2022
0
5257

Awstraliýanyň premýer ministri Skott Morrison, pandemiýa zerarly ýapylan ýurdyň daşky serhetleriniň, 21-nji fewralda açyljakdygyny mälim etdi. Bu barada «Российской газеты» internet portaly habar berýär.

Premýer ministr Morrison, Awstraliýa wizasyna eýe bolan her bir syýahatçynyň ýerine ýetirmeli düzgünini düşündirdi, «Her kim waksina barlagyndan hökmany suratda iki gezek geçmelidir. Bu düzgüni, hemme adam ýerine ýetirer diýip umyt edýäris».

Belläp geçsek, Awstraliýa, ýurdyň daşky serhetlerini, dünýäde ýüze çykan ýokanç kesel zerarly mundan iki ýyl ozal ýapypdy. Ýakynda bu ýurt öz serhedini Täze Zelandiýa we Singapur ýurtlary üçin açdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň