Top.Mail.Ru

Şin Sung-Çul: « Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär»

10:3607.02.2022
0
1143

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün — 7-nji fewralda Bitarap Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin SUNG-ÇUL «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna interwýu berdi. Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň düýni, şu güni we geljegi barada möhüm maglumatlara baý bu söhbetdeşligi «Türkmenportalyň» okyjylary bilen dolulygyna paýlaşýarys.

— Jenap ilçi, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy ýetip geldi. Muny biz geçen döwürde özara hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik hasaplaýarys...

— Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürildi. Hususan-da, iki ýurt 2008-nji ýyldan bäri özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda daşary syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has netijeli gatnaşyklary ýola goýdular. 2014-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlary Türkmenistanda saparda boldular. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem 2008-nji we 2015-nji ýyllarda biziň ýurdumyza sapar bilen bardy. Şu ýylyň dowamynda bolsa ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bilelikdäki hökümetara toparlaryň hem-de işewürlik geňeşleriniň alyp barýan işleri esasynda ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň nyşanydyr.

— Siziň pikiriňizçe, türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda, esasan, haýsy ugurlarda geljegi uly mümkinçilikler bar?

— Uglewodorod serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigine garamazdan, Koreýa Respublikasy örän ýokary tehnologik mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistan bolsa öz çägindäki tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlary bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de iki ýurduň ykdysadyýetleri biri-biriniň üstüni ýetirip bilýär. Koreý kompaniýalary elektrik awtoulaglarynyňdyr akkumulýatorlaryň önümçiliginde, emeli aň, biosenagat, energetika, ulag infrastrukturalary, gämi gurluşygy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary we gorag serişdeleri senagatynda ýokary tehnologik mümkinçiliklerden peýdalanýar. Şunda koreý tarapynyň energetika, ulag infrastrukturalary hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda Türkmenistany senagatlaşdyrmaga mynasyp goşant goşandygyny nygtamak gerek.

Günorta Koreýa üçin ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrma ýoly esasynda yzygiderli ösdürýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň başga-da mümkinçilikleri kän. Meniň pikirimçe, dökünleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy, saglygy goraýyş we lukmançylyk, dokma senagaty, Hazar deňziniň suwuny süýjetmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tokaý hojalygy we daşky gurşawy goramak, sanlylaşdyrmak, hemra tehnologiýalary ulgamy, gämi gurluşygy, täze «akylly» şäherleri gurmak türkmen-koreý gatnaşyklarynda geljegi has uly ugurlardyr.

Iki ýurduň söwda hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, bu ugurda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ulag bilen bagly şertleri has ýokarlandyrmak zerurdyr. Şoňa görä-de, Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny utgaşdyrmak esasynda yklymda özara arabaglanyşygy güýçlendirmegi derwaýys wezipe hasaplaýaryn.

— Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ugurda özara hyzmatdaşlyk nähili ösdürilýär?

— Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň irki döwürlerden bäri ýakyn aragatnaşyk saklandygy mälimdir. Biziň geçmişdäki gatnaşyklarymyzy has aýdyň ýüze çykarmak üçin arheologik we taryhy alyş-çalyşmalar hem işjeň ösdürilip bilner. Galyberse-de, koreý filmleridir doramalary (köp bölümli film), k-pop aýdym žanry dünýäde uly meşhurlyga eýe. Şunuň bilen baglylykda, medeni aragatnaşygyň şeýle görnüşleri arkaly iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky özara alyşmalary giňeltmek üçinem mümkinçilikler bar diýip aýdyp bileris.

Ýeri gelende bellesek, 2008-nji ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. 2019-njy ýylda Aşgabatda Patyşa Sejong adyndaky koreý dili instituty açyldy. Şol ýyl Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary mynasybetli Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdepde okuwçylara koreý dili boýunça hem bilim berlip başlandy.

— Jenap ilçi, türkmen-koreý gatnaşyklary pandemiýa şertlerinde nähili dowam etdirilýär? Koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalar barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

— Häzirki adatdan daşary ýagdaýlarda iki ýurt hem pandemiýa garşy göreşmek boýunça netijeli tagallalary edýär. Koreýa Respublikasy, öz gezeginde, Türkmenistana PZR test ulgamy üçin enjamlaryň we arassaçylyk serişdeleriniň getirilmegini üpjün etdi. Kýungpuk milli uniwersiteti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen onlaýn maslahat geçirdi. Onda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde pandemiýa täsir etmek ulgamynda tejribe alşyldy. Meniň pikirimçe, pandemiýa garşy göreşmekde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda-da türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň örän uly mümkinçilikleri bar.

— Siz iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

— Ilki bilen, häzirki meýilnamalarymyz barada aýtsam, biz türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde ýokary derejeli saparlaryň guralmagyna ynam bildirýäris. Taraplaryň ikisi-de pandemiýa bilen bagly ýagdaýlary göz öňünde tutup, bilelikdäki alyşmalary we medeni çäreleri geçirmäge çalyşýar.

Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha giňeldilýändigi sebäpli geljek onýyllyklarda bu iki sebiti birleşdirýän Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň hem-de ähmiýetiniň has-da ýokarlanjakdygyny aýdyp bileris. Şunda «Täze Demirgazyk syýasaty» we «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjy iki ýurduň hem ileri tutýan möhüm köprüsine öwrüler. Geçen 30 ýylda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda ençeme üstünlikleriň gazanylandygyny görýäris we söhbetdeşligimiziň dowamynda mysal getiren anyk ugurlarymyz boýunça özara gatnaşyklarymyzyň geriminiň giňeldiljekdigine ynanýarys. Biz geljek onýyllyklarda bilelikdäki özara hereketler üçin ýene-de kän ugurlarydyr mümkinçilikleri öwrenip bileris.

— Jenap ilçi, türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen mähirli gutlap, täsirli söhbetdeşlik üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň