Grenlandiýa 2002-nji ýyldan bäri 4700 gigatonna buz ýitirdi

14:3005.02.2022
0
785

Täze barlaglar soňky ýigrimi ýylda Grenlandiýanyň 4700 gigatonna buzlugy ýitirendigini ýüze çykardy. Bu ABŞ-nyň bütin çägini çuňlugy 45 santimetr bolan suw gatlagy bilen örtmek üçin ýeterlikdir diýip, Polar Portal neşiri ýazýar. Bu barada MIR24 habar berdi.

Daniýaly alymlaryň hasaplamalaryna görä, buzlugyň ýitirilmegi deňziň suwunyň derejesiniň 1,2 santimetr galmagyna getiripdir. Alymlar buzluklaryň, esasan, çet-gyralaryndan ereýändigini belleýärler.

NASA kosmos edarasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, buzluklaryň ýitirilmegi Grenlandiýanyň demirgazyk kenarlarynda aýdyň duýulýar, munuň sebäbi ol ýerlere ýyly suwuň aralaşýandygy bilen baglydyr, şeýle-de bu künjege ygaldyr gar az ýagýar.

Antarktika we Grenlandiýa buz örtüklerinde Zemindäki süýji suwuň 99 göterimi bar diýlip hasaplanýar, bu buzluklaryň eremegi dünýä ummanynyň suwunyň derejesiniň ýokarlanmagynyň esasy sebäbidir, eger olar doly eräýse, deňziň derejesi 60 metr ýokarlanar, bu bolsa millionlarça adamyň ýaşaýan çäginiň suwuň astyna gitmegine getirer diýlip çaklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň