Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň Daşary işler ministrligi: Berdimuhamedow ertir Si Szinpin bilen duşuşar

18:1804.02.2022
0
8069
Hytaýyň Daşary işler ministrligi: Berdimuhamedow ertir Si Szinpin bilen duşuşar
Foto: www.mfa.gov.cn

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet Baştutany Si Szinpiniň çakylygy boýunça şu gün – 4-nji fewralda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pekine bardy.

5-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçiriler. Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Muny Hytaýyň daşary işler ministri Wan In Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen şu gün geçiren duşuşygynda aýtdy.

Iki döwletiň Prezidentleriniň bu duşuşygy dört ýyldan soňra geçirilýän ýüzbe-ýüz duşuşyk bolar. Jenap Wan In Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleriniň arasyndaky duşuşygyň, esasanam, energetika, tebigy baýlyklary çykarmak, lukmançylyk, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlarda uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň