Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de klublaýyn dünýä çempionaty başlandy

18:0003.02.2022
0
3205

Şu gün Birleşen Arap Emirliklerinde futbol boýunça dünýäniň klublaýyn çempionatyna badalga berildi. FIFA tarapyndan guralýan ýaryşa alty yklymyň we BAE-niň çempiony gatnaşýar.

18 duşuşykdan ybarat boljak ýaryş 12-nji fewralda tamamlanar. Duşuşyk «Mohammed bin Zaýed» we «Al-Nahaýýan» stadionlarynda geçiriler.

Şu ýyl ýaryşa Angliýanyň «Çelsi», Braziliýanyň «Palmeýras», Meksikanyň «Monterreý», Müsüriň «Al-Ahli», Fransuz Polineziýasynyň «Pirae», Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klublary yklymlaryň çempionlary hökmünde gatnaşýar. Ýerli çempionatdan bolsa «Al-Jazira» gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň