Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň Hytaý Halk Respublikasyna boljak iş sapary bilen bagly 2022-nji ýylyň 4 — 9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol toparyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýüklenildi.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle-de okaň!