Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda teatrlara «Milli» hem-de «Akademiki» hukuk derejeleri bermegiň tertibi tassyklandy

22:3203.02.2022
0
5209

Hökümetiň 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada, şeýle-de fewral aýynyň dowamynda geçiriljek medeni-köpçülik çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna «Teatr we teatr işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda hereket edýän teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň teatr toparlaryna degişli derejeleriň berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň medeniýet edaralarynyň çeperçilik işiniň netijeleri boýunça berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýlelikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek, teatr işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň