Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda täze pýesa sahnalaşdyrylýar

14:5031.01.2022
0
1601

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň terjime eden Aleksandr Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi» atly aýdym-sazly gülkili pýesasy sahnalaşdyrylýar. Bu barada teatryň işgärleri «Turkmenportal.com» web saýtymyzyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

Mälim bolşy ýaly, görnükli rus dramaturgy Aleksandr Ostrowskiý «Balzaminowyň öýlenişi» atly eserini 1861-nji ýylda ýazýar.

Eseriň mazmunyna görä, onda Pawla Petrowna Balzaminowa öz ogly Mihaýlo Dmitriýa Balzaminowyň öýlenmegini isleýär. Emma onuň oglunyň söwedeňläp ýörşüne, hiç bir gyza göwni ýetenok. Ejesi oglunyň aňyna-maňyna garaman ady belli sawçy Akulina Gawrilowa Krasawina ýüz tutup, ogluna gelinlik gözlemegini haýyş edýär. Oglunyň bagty çüwüp, ol serkerde Lukýan Lukýanyç Çebakow bilen tanyşýar. Çebakow Balzaminowy öz söýgülisiniň jigisi bilen tanyşdyrýar. Ol Balzaminowyň kömegi bilen öz söýgülisi bilen ara saklaýar Gyzyň doganlary öz uýalaryna atasyndan galan mirasdan paý bermejek bolup, olary gulp astynda saklaýarlar. Balzaminow Çebakowyň aldawyna düşüp, ädik ussasy bolan bolup, gyzlaryň öýüne barýar we doganlaryndan gaçyp, zordan başyny sypdyrýar. Ol baý dul aýalyň baýlygyny küýsäp, oňa aşyk bolýar. Gelinligiň hüý-häsiýetine garaman oňa öýlenýär. Baý gelin edinmegiň arzuwynda bolup ýören ýigidiň hem, ejesiniň hem gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Balzaminow gülkünç ýagdaýlara sezewar bolup, maksadyna ýetýär.

Täze goýulýan sahna eseriniň režissýory Merdan Handurdyýew, kompozitory Türkmenistanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew, geýim boýunça suratkeşi Keýik Hojaýewa, sahna bezegi boýunça suratkeşi Aýnabat Jumamyradowa, tans goýujylary Bahar Meretalyýewa bilen Olga Wasilýewa, režissýoryň kömekçileri Parahat Ibragimow bilen Ogulsenem Gurbandurdyýewa, ses režissýory Myrat Gurbanow, yşyk bezegini bolsa Gaýgysyz Gurbanow ýerine ýetirýär.

Teatryň sahnasynda täze goýulýan pýesanyň tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp boljakdygyna ynanýarys. Sebäbi teatryň artistleri özlerine ynanylan keşpleriň üstünde ýadawsyz işleýärler. Bu bolsa olaryň täze sahna eserini şowly çykarjakdyklaryna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň