Soňky habarlar

Arhiw

Iki panda gyşky Olimpiýa oýunlarynyň «ýeňijilerini» kesgitledi

16:0903.02.2022
1
5534

Russiýada idedilýän Žui we Dindin atly iki panda gyşky Olimpiýa oýunlarynda haýsy ýygyndynyň has köp medal aljakdygyny çaklady. Munuň üçin olardan içine baýdaklar ýerleşdirilen birmeňzeş konuslardan «ýeňijileri» saýlap almak soraldy.

«Öň şeýle tejribede pandalar bilen işleşmändik. Bu gezekki Olimpiýa oýunlary olaryň Watanynda geçirilýär. Şonuň üçin hem olar ýeňijini öňünden kesgitläp biler diýip çakladyk» diýip, Moskwanyň haýwanat bagynyň direktory Swetlana Akulowa aýdýar.

Dindin Hytaýyň, Şwesiýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň we Awstriýanyň baýdaklary ýerleşdirilen konuslary saýlady. Žui bolsa Norwegiýany, Kanadany, ABŞ-y, Şweýsariýany we Germaniýany «ýeňiji» hasaplady. Umumy netijede, hünärmenler Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň toparlarynyň has köp mümkinçiliginiň bardygyny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Irina_ira ( 03.02.2022 )

А как же Норвегия????

0