Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçiriljek çäreleriň Tertibini gyssagly taýýarlamak barada görkezme berdi.
Milletiň Lideri bu şatlykly waka mynasybetli 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi geçirmegi, şeýle hem maslahatda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen adyň dakylandygy baradaky şahadatnamalary gowşurmagy hem göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlyma berilmelidir. Bu konsertler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda geçirilse, maksadalaýyk bolardy diýip, döwlet Baştutany belledi. Şunuň bilen bir hatarda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligine hem-de milli aýdym-saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreleri, şol sanda maslahatlary we duşuşyklary geçirmelidir.
Milletiň Lideri bu baradaky sözüni dowam edip, teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlaryny teleýazgy görnüşine geçirip, ýaýlymlarda bermelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamany we şunuň bilen bagly geçirilýän çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada tabşyryk berdi.