Soňky habarlar

Arhiw

M.Garryýew adyndaky TDLU Lukmançylyk mekdepleriniň Bütindünýä gollanmasyna girizildi

09:4131.01.2022
0
17376
M.Garryýew adyndaky TDLU Lukmançylyk mekdepleriniň Bütindünýä gollanmasyna girizildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Lukmançylyk mekdepleriniň Bütindünýä gollanmasyna (World Directory of Medical Schools) girizildi diýip, “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär. Bu baradaky resminama BSGG tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gelip gowuşdy.

Bütindünýä gollanmasynyň ýerine ýetirýän wezipesi dünýäniň ähli lukmançylyk mekdepleriniň anyk hem-de wajyp maglumatlaryny düzmekden ybaratdyr. Onuň esasy maksady bolsa dalaşgärlere we medisina pudagynyň edaralaryna lukmançylyk mekdepleri bilen baglylykda esasly netijeleri çykarmaga ýardam etmek, şeýle-de ylmy-barlag hünärmenlerini hem-de dünýä ýüzünde ozalky we häzirki lukmançylyk bilim maksatnamalarynyň aýratynlyklary boýunça iş alyp barýan jemgyýetçilik wekillerini habarly etmek bolup durýar.

Bütindünýä gollanmasy Lukmançylyk biliminiň Bütindünýä federasiýasy (WFME) hem-de Halkara lukmançylyk bilimleriniň we barlaglarynyň ösüş gaznasy (FAIMER) bilen bilelikde işleýän guramadyr. Gollanma FAIMER Lukmançylyk biliminiň halkara gollanmasynyň we WFME “Awisenna” gollanmasynyň maglumatlary esasynda düzülendir. Bu guramalaryň ikisi-de mekdepleriň sanawyna goşmak we ony häzirki ýagdaýa görä täzelemek maksady bilen täze mekdepleri ýüze çykarmak babatda hyzmatdaşlyk edýärler.

Ýokary okuw mekdebiniň Lukmançylyk mekdepleriniň Bütindünýä gollanmasyna goşulmagy onuň uçurymlaryna daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga, şonuň netijesinde hem lukmançylyk tejribesini we başarnyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Uniwersitet 1931-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk instituty hökmünde esaslandyryldy. 2010-njy ýylda bolsa institutyň esasynda lukmançylyk uniwersiteti döredildi. Şol ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri hem ýokary okuw mekdebi Arçabil şaýolunda ýerleşýär. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ýurduň görnükli syýasy-jemgyýetçilik işgäri bolan Myrat Garryýewiň ady dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň