Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky audit barlagyny geçirmek maksady bilen bäsleşik yglan edýär

11:2729.01.2022
0
8986

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 2021-nji ýylyň netijesi boýunça maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny geçirmek maksady bilen, halkara auditor kompaniýasyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga karz edaralar bilen maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny Türkmenistanyň täjirçilik banklarynda hem-de halkara derejede geçirmekde tejribesi we bu ugurda ygtyýarnamasy bar bolan, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini kepillendirýän edara görnüşli taraplar çagyrylýar.

Bäsleşige degişli resminamalary almak üçin şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 154-nji jaýy.

Bäsleşik boýunça teklipler habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjada tabşyrylmaly.

Telefon belgiler: (+99312) 44-49-05, 44-49-14.

Elektron salgysy: info@halkbank.gov.tm

Belläp geçsek, bildiriş 26-njy ýanwarda «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň