Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky halkara auditor kompaniýasyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 2021-nji ýylyň netijesi boýunça maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny geçirmek maksady bilen, halkara auditor kompaniýasyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga karz edaralar bilen maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny Türkmenistanyň täjirçilik banklarynda hem-de halkara derejede geçirmekde tejribesi we bu ugurda ygtyýarnamasy bar bolan, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini kepillendirýän edara görnüşli taraplar çagyrylýar.
Bäsleşige degişli resminamalary almak üçin şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 154-nji jaýy.
Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjada tabşyrylmaly.
Telefon belgileri: (+99312) 44-49-05,44-49-14.
Elektron salgymyz: info@halkbank.gov.tm
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň