Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 2021-nji ýylyň netijesi boýunça maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny geçirmek maksady bilen, halkara auditor kompaniýasyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga karz edaralar bilen maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny Türkmenistanyň täjirçilik banklarynda hem-de halkara derejede geçirmekde tejribesi we bu ugurda ygtyýarnamasy bar bolan, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini kepillendirýän edara görnüşli taraplar çagyrylýar.
Bäsleşige degişli resminamalary almak üçin şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 154-nji jaýy.
Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjada tabşyrylmaly.
Telefon belgileri: (+99312) 44-49-05,44-49-14.
Elektron salgymyz: info@halkbank.gov.tm
Başga-da bu temada

Täjirçilik
|07.08.2026
1352
Aşgabatdaky ÝHHG Merkezi tender yglan edýär

Döwlet
|05.08.2026
1157
«Türkmennebit» DK awtoulag tehnikasyny we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan etdi

Döwlet
|24.10.2024
33210
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsullyk gullugynda ulanylýan stikerleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
68386