Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti TOPH we TOP taslamalary boýunça Pakistandaky gepleşiklere gatnaşar

21:4328.01.2022
1
9655

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, daşary işler ministriniň orunbasary Pakistan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar. Resminama laýyklykda, daşary işler ministriniň orunbasary 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary – 4-nji fewraly aralygynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOPH) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasynyň degişli ýolbaşçylarynyň we tehniki hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky gepleşiklere gatnaşar. Yslamabat şäherinde geçiriljek gepleşikleriň dowamynda ýokarda ady agzalan taslamalar boýunça toplumlaýyn gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň