Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti maliýe we ykdysadyýet toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi

12:3327.01.2022
0
8101

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda bu toplumyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutany puluň hemişe kadaly hereket etmelidigini belledi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Merkezi bankyň we tutuş bank ulgamynyň esasy wezipesi ykdysadyýetimizde puluň barabarlygyny saklamakdan, bu ugurdaky ýagdaýlara hemişelik gözegçilik etmekden ybaratdyr. Şeýle hem ýurdumyzyň karz-pul syýasatyny, maliýe serişdelerini dolandyrmak kämilleşdirilmelidir. Ykdysadyýetimize gönükdirilen karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmelidiris we ýokarlandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti milli pulumyzyň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegiň, ýurdumyzyň senagat-innowasion taýdan ösüşini goldamagyň Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolmalydygyna ünsi çekip, ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda ileri tutulýan ugurlaryň serişdeler bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin kiçi we orta kärhanalaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara maliýe edaralary, aýratyn-da, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank toplumy, Aziýanyň ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmelidir.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bank ulgamynda kabul edilen döwlet maksatnamalary boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik edilmelidir we bu işler utgaşdyrylmalydyr.

Milletiň Lideri Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň strategiýasynda ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň hilini we gerimini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmek, ykdysady we durmuş ösüşini ýokary depginler bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belläp, býujetiň girdejilerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek babatda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň