Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

12:5327.01.2022
0
6635
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bu ulgamy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde ähmiýet berilmeli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine hödürlemek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işleriň geçirilendigi we bu taslamany taýýarlamagyň jemleýji tapgyrda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy amala aşyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

Iş maslahatynyň dowamynda maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy maksady bilen, döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi barada aýdyldy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy G.Müşşikow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem bank edaralarynyň işini häzirki döwrüň ýagdaýyna görä kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň bank edaralarynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Milletiň Lideri iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň