Iwan Danilýans Gurban Berdiýewiň kömekçisi boldy

22:3226.01.2022
0
5424

Iwan Danilýans «Kaýratyň» baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň kömekçisi boldy. Bu barada Almaty şäheriniň toparynyň resmi saýty habar berdi.

«Gara-aklaryň uly maşgalasy Iwan Albertowiçe uly üstünlikleri arzuw edýär!» diýip, bu barada «Kaýratyň» metbugat gullugy ýazdy.

68 ýaşly Danilýansyň uzak ýyllaryň dowamynda «Rostowda» we «Rubinde» Gurban Berdiýew bilen bile işleşendigini ýatladýarys. Ol 2020-nji ýyldan bäri Moldowanyň Futbol federasiýasynyň sport direktory bolup işleýärdi.

Iwan Danilýansyň 1953-nji ýylda Aşgabatda doglandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň