Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi "S7" awiakompaniýasy bilen bagly käbir düzgünleri düşündirdi

11:5125.01.2022
0
7769

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda ýörite uçar gatnawlaryna awiapetekleriň satyn alynmagy hem-de el-goşlaryň hasaba goýulmagy barada maglumatnama ýaýratdy.

Şol maglumatnamada, ilçihana tarapyndan gurnalýan ýörite uçar gatnawlarynyň ýeke-täk howa gatnawçysy “S7” awiakompaniýasy bolup durýandygy ýatladylýar.

Ýörite uçar gatnawlary üçin awiapetekleriň “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki resmi wekilhanasynyň (A.Niýazow şaýoly, 174-nji jaý) işgärleri hem-de uçuşdan öň Türkmenabadyň howa menzilinde hasaba alyş bölümi tarapyndan satylýandygy bellenilýär.

Ýolagçylardan awiapetekleri sargyt etmek hyzmatyny amala aşyrýan syýahatçylyk kompaniýalaryna ýüz tutmazlyk haýyş edilýär. Şeýle guramalarda degişli maglumatyň ýokdugy bellenilip, olaryň bilgeşleýin ýolagçylary ýalňyşlyga sezewar edýändigi aýdylyp geçilýär.

Şeýle hem “S7” awiakompaniýasy ýolagçylara 28-nji ýanwarda meýilleşdirilen uçar gatnawy üçin el-goşlary hasaba almak babatda haýyşnama bilen ýüzlenýär. Şonda ýolagçylardan bu gatnawyň ýolagçysy bolmadyk ýolagçylaryň el-goşlaryny öz adyna hasaba goýmazlyk haýyş edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň