Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

15:3025.01.2022
0
11147

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň dürli sebitlerinde täze binalaryň yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. Şeýle dabaralaryň biri 24-nji ýanwarda Türkmenabat şäherinde hem geçirildi. Has takygy, barha döwrebaplaşýan şäheriň binagärlik görküniň üsti täze kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 32-si bilen ýetirildi. Şeýlelikde, şäheriň 6-njy gurluşyk serişdeleri zawodynyň 4-nji kwartalynyň çäginde ýene-de bir döwrebap şäherçe emele geldi.

Täze ýaşaýyş jaýlary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenilendir. Dek düýnüň özünde işgärleriň 32-siniň maşgalalary täze jaýlardan paýly boldular. Täze ýaşaýyş jaýlary ýerli gurluşykçylar tarapyndan panel görnüşinde bina edildi.

Toplumyň açylyş dabarasy toý ruhuna beslendi. Oňa ýaşaýjylar bilen birlikde Polisiýa müdirliginiň işgärleri, şol sanda baýry hukuk goraýjylar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, jaýlaryň her biri alty otagdan ybarat. Olaryň umumy meýdany 263 inedördül metre ýetýär. Her hojalyga 0,06 gektar mellek ýeri hem berkidilipdir.

Täze jaýlar welaýat Polisiýa müdirliginiň şu baýramda alan ikinji sowgadydyr. Ozal hem habar berlişi ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy açylyp, ulanylmaga berildi.

Belläp geçsek, Türkmenabat şäherinde welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş toplumlarynyň ozal hem birnäçesi bar. Häzir şäheriň Amul etrapçasyny hukuk goraýjy işgärler üçin gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10-a golaýy bezeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň