Soňky habarlar

Arhiw

“Uolles bilen Gromitiň” dowamy bolar

16:5023.01.2022
0
453
“Uolles bilen Gromitiň” dowamy bolar

2020-nji ýylda “Aardman Animations” studiýasy Netflix internet göwünaçyşlyklar platformasy bilen birlikde “Towuk ketekden gaçyşlyk” atly animasion filmiň dowamyny surata düşürmekde hyzmatdaşlyk edýändigini habar beripdi, golaýda bolsa bu kinostudiýa geçen ýyllaryň ýene bir multiplikasion hiti— “Uolles bilen Gromitiň” dowamynyň üstünde işleýändiklerini habar berdi.

Oýlap tapyjy Uolles we onuň köpegi Gromit ekrana on ýyldanam köp wagty geçirip dolanarlar, olar baradaky soňky film 2008-nji ýylda kinoteatrlara çykypdy. Täze bölümiň has-da gyzykly we gülkünç boljakdygyny studiýanyň hünärmenleri belleýärler. Animasion kinony 2024-nji ýylda ekranlara goýbermek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň