Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň gyş tertibine üýtgeşmeler girizdi

12:1721.01.2022
1
30791

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berlişine görä ýurduň dürli ugurlaryna uçuşlaryň üýtgedilen gyş tertibi 2022-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda güýje girýär.

Ýerli uçuşlaryň ozalky gyş meýilnamasy 2022-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan güýje girendigini ýatladýarys.

Awiakompaniýa uçuşlaryň gidiş wagtynyň üýtgäp biljekdigini belleýär.

Gatnaw tertibi Uçuş belgisi Gidiş güni Uçuş wagty Uçaryň gelýän wagty
Aşgabat — Daşoguz T5-101 Her gün 06:00 06:50
Aşgabat — Türkmenabat T5-171 Her gün 06:10 07:00
Aşgabat — Mary T5-127 2, 4, 6, 7 06:20 07:00
Aşgabat — Türkmenbaşy T5-241 1, 3, 5, 7 06:30 07:30
Daşoguz — Aşgabat T5-102 Her gün 07:50 08:40
Türkmenabat — Aşgabat T5-172 Her gün 08:00 08:50
Mary — Aşgabat T5-128 2,4, 6, 7 08:00 08:40
Türkmenbaşy — Aşgabat T5-242 1, 3, 5, 7 08:40 09:40

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň