Top.Mail.Ru

«Volvo» kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar

20:4718.01.2022
0
511

Şwesiýanyň «Volvo» kompaniýasy 2022-nji ýylda «XC20» ýa-da «C20» atly ykjam elektrik krossowerini çykarar. Bu barada «Wroom.ru» wb sahypasy habar berdi.

«Volvo» kompaniýasynyň täze elektrik krossoweri «Volvo» we «Geely» tarapyndan bilelikde işlenip düzülen «SEA» platformasynda gurlar. Şol platformada mundan öň «Tesla» kompaniýasynyň täze «Zeekr 001» atly elektrik awtoulagy ýasaldy.

Bu kompaniýanyň ykjam krossoweriniň kuwwat saklaýjysynyň göwrümi 86 ýa-da 100 kwt/sag bolup, ol bir zarýadda 700 km geçmäge ukyply bolar. Awtoulagyň daş görnüşi täze çykjak «XC90» krossoweriniňkä meňzär.

Şwesiýanyň «Volvo» kompaniýasy häzirki wagtda «C40 Recharge» we «XC40 Recharge» elektrik ulaglaryny öndürýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli içki ýangyç hereketlendiriji esasynda işleýän awtoulaglary öndürmegini goýbolsun etmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň