Baýden 19-njy ýanwarda metbugat-maslahatyny geçirmekçi

14:0217.01.2022
0
441

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 19-njy ýanwarda metbugat-maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada žurnalistler üçin brifingde Ak Tamyň metbugat kätibi Jen Psaki beýanat berdi.

«Men geljek hepdäniň çarşenbe güni Prezidentiň resmi metbugat-ýygnagyny geçirmegine garaşýaryn» diýip, Psaki aýtdy. Ol amerikan Prezidentiniň çykyşynda haýsy meseleler hakda söhbet etmekçidigini habar bermedi we «Prezident amerikan halkyna göni ýüzlenmek mümkinçiligine sabyrsyz garaşýar» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň