Türkmenistanda milli mirasa bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

22:4014.01.2022
0
8498

14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hormatly Prezidentiň tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň 26 — 28-nji ýanwarynda Söwda-senagat edarasynda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlanan halkara maslahaty hem-de sergini guramak meselelerine degip geçip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni däplerini ösdürmegiň, olary kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumy ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň