GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Moskwa döwlet dil uniwersitetiniň (MDDU) goldawy bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bolup geçýän medeni çäreleriň çäginde «Dünýäniň danalary. Türkmenistan. Ata wesýeti» atly dokumental esse- filminiň ilkinji görkeziliş çäresini geçirer.
Filmiň ilkinji görkezilişi 5-nji dekabrda Moskwa döwlet dil uniwersitetiniň mejlisler zalynda bolar.
Anastasiýa Pawlowanyň adybir şahyrana eserine esaslanyp döredilen «Dünýäniň danalary. Türkmenistan. Ata wesýeti» film-essesi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iri rus medeni taslamalarynyň birine öwrüldi.
Anastasiýa Pawlowa – halkara jemgyýetçilik işgäri, «GDA + Dünýä: Medeniýet. Bilim. Syýahatçylyk» atly garaşsyz integrasiýa maksatnamasynyň awtory we ýolbaşçysy, «Dünýäniň danalary» atly taslamasynyň awtory «Adamyň wagty» atly durmuş-medeni başlangyçlarynyň egindeş başlygy. Filmiň režissýory –»Adamyň wagty» DMB-nyň egindeş başlygy, «Dünýäniň danalary» atly taslamanyň baş utgaşdyryjysy Nadežde Geraşçenko.
Türkmenleriň Moskwadaky diplomatik gullugynyň web sahypasynda habar berlişine görä, çäre 12:30-da başlanar.