Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Beýik Britaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

23:4510.01.2022
0
5719
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Beýik Britaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Şu gün — 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi hanym Lýusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Ministr R.Meredow Beýik Britaniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtalyp geçildi.

Iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Abraýly sebit hem-de halkara guramlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Lýusia Waýld Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň çygrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň