Mundan 343 ýyl öň ýiten gämi tapyldy

17:1609.01.2022
1
6024

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda mundan 343 ýyl öň Beýik köllerde ýiten «Grifon» atly gäminiň galyndylarynyň üstünden baryldy, bu barada Daily Express habarlar gullugy ýazýar.

Gämi 1679-njy ýylda Miçigan kölüniň üsti bilen gymmatbaha sütükli derileri daşaýan wagty ýitirim bolupdyr. Neşiriň ýazmagyna görä, «Grifonyň» dereksiz ýitmegi Amerikanyň iň meşhur «deňiz» syrlarynyň biri bolmagyna galýardy.
Alymlar Miçigan kölünden ele salnan galyndylaryň hut şu gämä degişlidigi hakynda netijä gelipdirler. Olaryň pikiriçe, gämi köp günläp dowam eden gaý sebäpli gark bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň