Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýa ― Hytaý maslahatyna gatnaşdy

14:5909.01.2022
0
766

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Dostluk taryhy boýunça ýaşlar maslahaty» ady bilen geçirilen bu duşuşyga Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de ady agzalan döwletleriň Hytaýdaky ilçileri gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady sebitiň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, medeni alyş-çalyş we telekeçilik innowasiýalarynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, hususyýetçilik ulgamynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de alnyp barylmaly işler hakynda täsirli gürrüň edildi we tejribe alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň