Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri 2024-nji ýylda geçiriljek Tomusky Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlanar

22:5007.01.2022
0
5542

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň we olaryň gatnaşmagynyň meseleleri barada Hökümetiň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Gysga döwrüň içinde Türkmenistan dünýä we yklym derejesindäki möhüm halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Türkmen Lideriniň sport arkaly parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýan nusgalyk başlangyçlary bilen Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýaly iri halkara sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlarynyň tejribesinden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň türgenlerini taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek hem-de ýokary netije gazanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan sport toýuna — Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygy bellenildi. Häzirki döwrüň şertlerine laýyklykda, sport parahatçylygyň ilçisi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Geçen ýylyň ýanwarynda tassyklanan Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem şuňa gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň esasy ugry ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, türkmen türgenleriniň mundan beýläk-de ata Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdygyna, özleriniň ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerini berkarar etjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň