PCS (port infrastukturasyny dolandyryş maksatnamasy) boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde Bakuwyň deňiz söwda porty we Merkezi Aziýanyň deňiz menzilleri öz maglumat ulgamlaryny bir bitewi platformada birleşdirýärler. Bu barada Bakuwyň portunyň strategik meýilleşdirme bölüminiň müdiri Hudaýar Gasanly maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda hem türkmen hyzmatdaşlary hem-de Aktau (Gazagystan) porty bilen bu ugurda depginli iş alnyp barylýar. Gasanly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan daşgary günbatar portlar bilen-de maglumat ulgamlaryny birleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Bölüm müdiri işiň häzirki ýagdaýy barada-da gürrüň berdi. Meselem, ýük awtomobilleri üçin eýýäm serhet we gümrük barlagyny geçmegiň aňsatlaşdyrylan görnüşi hereket edýär. Şuňa meňzeş işler demir ýollarda-da alnyp barylýar.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ulag serişdesiniň serhet nokadynda bolýan wagtyny tygşytlamaga, öz wagtynda gelýän ulagyň we ýüküň görnüşi, onuň indiki ugry barada we birnäçe başga maglumat almaga mümkinçilik berer.