Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metre ýakyn tebigy gaz eksport edildi

22:5105.01.2022
0
17562

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutany diwersifikasiýa ýoly bilen uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky wekilleriniň hem uly goşandynyň bardygyny nygtady. Hormatly Prezident bu barada aýdyp, korporasiýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýluna söz berdi.

Çen Huaýlun hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen mähirli gutlap, päk arzuwlaryny aýtmak bilen, 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işleýändigine hem-de türkmen-hytaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň täze eýýamynyň başlanmagynyň şaýady bolandygyna ünsi çekdi.

Myhmanyň çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC korporasiýasynyň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigi, häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 29 sany gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilýändigi, jemi 137 sany guýudan tebigy gazyň alynýandygy, 2021-nji ýylda bolsa Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metre ýakyn tebigy gazyň iberilendigi bellenildi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» gaz gysyjy bekediniň ulanylmaga tabşyrylmagy gyşky ýyladyş möwsüminde tebigy gazyň Hytaýa bökdençsiz iberilmegini üpjün etdi. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. Hyzmatdaşlygyň netijeleri bütin dünýäniň ünsüni özüne çekdi we halkara jemgyýetçiligiň hormatyna mynasyp boldy.

Şeýle hem geçen ýylyň awgustynda «Galkynyş» gaz ýatagynda 3 sany guýyny burawlamak taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyna üns çekilip, CNPC-niň bu guýularyň gurluşyk işlerini 2022-nji ýylda tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigi ynandyryldy.

Hasabatyň çäklerinde ýokary derejede gazanylan möhüm ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, CNPC-niň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ähli zerur çäreleri amala aşyrýandygy, taraplaryň bu ugurda birnäçe netijeli gepleşikleri geçirendigi, ýakyn wagtda gepleşikleriň täze tapgyryna başlanyp, hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tebigy gazyň söwdasyny ýokarlandyrmak baradaky baş maksada ýetmek ugrunda zerur çäreleriň görüljekdigi bellenildi.

Myhmanyň çykyşynda 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl, 17-nji iýulda bolsa «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine degişli Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ol CNPC korporasiýasynyň ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi mundan beýläk hem dowam etjekdigine, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigine ynandyrdy.

Myhmanyň çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gaza baý ýurt. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uly. Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyny, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelmegi bilen birlikde, üstaşyr geçýän ähli ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmekde örän möhüm orny eýeleýän, birek-biregiň üstüni ýetirýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar.

Myhman sözüniň ahyrynda bütin dünýäniň häzirki wagtda pes uglerodly bölünip çykmalaryň gazanylmagyny üpjün etmäge tarap geçýändigini we tebigy gazyň esasy energiýa sarp edilişindäki paýynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny belledi we şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara energiýa ulgamynda has möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň çykyşyny diňläp, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň wekiline Türkmenistanda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň