Russiýa Federasiýasynyň «S7» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistandan ilkinji ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
«S7» howa ýollarynyň Aşgabatdaky şahamçasy 10-njy ýanwardan başlap, adaty tertipde işläp başlar. 14-nji ýanwarda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça Aşgabatda awiapetekleriň satuwynyň başlanjak senesi ýakynda habar berler.
Nobatdaky uçuş, koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistan bilen yzygiderli gatnawlar togtadylandan soň, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri amala aşyrylan 33-nji ýörite uçuşy bolar. Orta hasap bilen Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan Moskwa her aýda 3 gezek ýörite uçar gatnawyny gurnaýar. Şeýle uçuş soňky gezek 2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda amala aşyryldy.