Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan futzal boýunça Aziýanyň kubogy - 2022-niň saýlama ýaryşlaryny Gyrgyzystanda geçirer

13:2004.01.2022
0
7880

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy, futzal boýunça Aziýa kubogy ― 2022 yklym ýaryşynyň Merkezi we Günorta sebitiniň saýlama duşuşyklaryny Gyrgyzystanda geçirmek kararyna geldi. AFK-nyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, saýlama duşuşyklar 1 ― 15-nji aprel aralygynda geçiriler.

Merkezi we Günorta sebite sekiz ýygyndy wekilçilik edýär. Olar Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Nepalyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylarydyr. Her biri dört ýygyndydan ybarat boljak iki toparçanyň bije çekilişigine türkmen futzalçylary üçünji torbadan gatnaşýar.

Futzal boýunça Aziýanyň kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň bijeleri 6-njy ýanwarda AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda geçiriler. Oňa AFK-nyň «YouTube»-däki kanaly arkaly onlaýn tomaşa edip bolar.

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyry, şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabryna çenli aralykda Kuweýtde geçiriler. Saýlama duşuşyklaryň netijesinde her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndy Kuweýtde ýaryşmaga hukuk gazanar. Umuman, yklym ýaryşyna 16 ýygyndynyň gatnaşyp biljekdigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa taryhynda alty gezek gatnaşdy. Milli ýygyndymyz olaryň ählisinde hem ýaryşy birinji tapgyrda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň