Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatdaky öri meýdanlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy

23:3703.01.2022
0
10926

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda welaýatyň çägindäki öri meýdanlary bilen tanyşdy hem-de bu ýerdäki çopan goşuna baryp gördi.

Türkmen Lideri Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gaýtalanmajak hem-de özboluşly häsiýete eýedigini, sähranyň howa aýratynlyklaryny belläp, mähriban Diýarymyzyň tebigatyna aýawly garamagyň, ekologik medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Dowar sürüsiniň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew mähirli garşylady.

Döwlet Baştutany çopany täze ýyl bilen gutlady hem-de onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.

Çopan Prezident Berdimuhamedowy garşylamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, milletiň Lideriniň Şa gadamynyň bu ýaýlalara nur-bereket getirendigini — sähra giňişliklerine siňňin ýagyn ýagyp, meýdan ösümliklerine oňyn täsir edendigini, munuň bolsa dowarlaryň göwnejaý gyşladylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Soňra ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşlikde çopan hemmetaraplaýyn edýän aladalary üçin Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol aladalara maldarlar yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak bilen jogap berýärler.

Çopan oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, netijeli işlemek, döwrebap ýaşamak we oňaýly dynç almak üçin çopanlara hemme zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Çopanyň aýdyşy ýaly, süriniň önüminiň 50 göterimi özüne berilýär, şunlukda, döwlet derejesinde döredilýän şertler bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, onuň hojalygynda iri şahly mallar saklanýar, çagalar ekerançylyk bilen meşgullanýarlar, umuman, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarys diýip, çopan gürrüň berdi.

Çopana Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň