Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistan 51 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi

13:4303.01.2022
0
9366

Geçen 2021-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň hususy öndürijileri ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak mukdarda 51.314 tonna pomidor eksport etdi. Bu barada "Neýrtalnyý Turkmenistan" gazetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatyna salgylanyp habar berilýär.

Ýyladyşhana pomidorlary Türkmenistanyň esasy eksport harytlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýetişdirilen pomidorlar, esasan, Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara eksport edilýär. 2021-nji ýylda türkmen telekeçileri 32 müň tonnadan gowrak pomidor Moskwa, Sankt-Peterburg ýaly birnäçe sebitlere eksport etdi. Türkmen telekeçileri dünýäde meşhurlyk gazanan alça, rugantino we fulton pomidor ýaly pomidoryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Türkmenistanda pomidorlar ýylboýy ýyladyşhana şertlerinde öndürilýär. Munuň üçin enjamlar esasan Ýewropa ýurtlaryndan satyn alynýar we ýokary netijeliligini subut eden iň ösen ekerançylyk tehnologiýalar ulanylýar.

Belläp geçsek, 2020-nji ýylda Türkmenistanda ýetişdirilen 35,4 müň tonna pomidor daşary ýurtlara eksport edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň